“Mukaddes Gün” hususy kärhanasyna Arkadag şäher medisina klasteriniň ýanynda ýerleşjek 220/110/10 kw kuwwaty bolan elektrik bekediniň gurluşygy tabşyryldy. Bu barada kompaniýanyň direktory Ysmaýyl Meňliýew “Türkmenistan” gazetine beren interwýusynda mälim etdi.
Taslama Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň buýurmasy boýunça durmuşa geçiriler.
Mundan başga-da, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň çäklerinde kärhana ýaşaýyş jaýlaryny gurmak bilen meşgullanar. Olar 30 öýli 5 gatly jaýdan, 40 öýli 5 gatly iki sany jaýdan, her biri iki maşgala niýetlenen iki gatly 12 sany kottej jaýlaryndan ybaratdyr.
Habarda bellenilişine görä, medisina klasteriniň dolandyryş merkeziniň gurluşygyny “Saýaly menzil” hojalyk jemgyýeti alyp barar.