Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýerleşýän “Guwlyduz” kärhanasy geçen ýyl 97,600 müň tonna duz gazyp aldy.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň sişenbe güni habar bermegine görä, bu görkeziji meýilnamada göz öňünde tutulandakydan 2 müň tonnadan gowrak köpdür.
Kärhanada nebit önümlerini arassalamak üçin ýurduň ýangyç-energetika toplumynda, ýüplükleri boýalyşyny gowulandyrmak üçin dokma senagatynda, ýyladyş ulgamlarynyň kadaly işlemegini üpjün etmek üçin we beýleki pudaklarda giňden ulanylýan tehniki duz hem öndürilýär.
“Guwlyduz” “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň öňdebaryjy kärhanalarynyň biridir. Ol azyklyk duzy öndürmekde sebitde birinji, dünýäde bolsa dördünji orny eýeleýär.
Hasabat döwründe azyklyk duzy ýörite gaplara gaplamak boýunça meýilnama 102,4 göterim ýerine ýetirildi. Mundan başga-da, geçen ýyl iri görnüşli duzlary öndürmegiň möçberi meýilnamada göz öňünde tutulandakydan 4 müň tonna artyk boldy.