Türkmenistanyň YHG-niň ýanyndaky hemişelik wekili bellenildi

BT
Türkmenistanyň YHG-niň ýanyndaky hemişelik wekili bellenildi
Türkmenistanyň Eýrandaky ilçisi Ylýas Gaýypow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana ynanç hatyny gowşurýar, 2025-nji ýylyň 7-nji ýanwary, Tähran, Eýran (Surat: mfa.gov.tm)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni Gaýypow Ylýas Akmuhammedowiçi Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) yanyndaky hemişelik wekili wezipesine bellemek hakynda Permana gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Y.Gaýypow şeýle hem Türkmenistanyň Eýran Yslam Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesinde işleýär.

Ol 2025-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkiana ynanç hatyny gowşurdy.

Şol gezekki duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigi hem-de Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmekde ýokary derejeli özara saparlaryň ähmiýeti bellenildi.

1985-nji ýylda döredilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy 10 ýurdy, şol sanda Türkmenistany, Owganystany, Azerbaýjany, Eýrany, Gazagystany, Gyrgyzystany, Pakistany, Täjigistany, Türkiýäni we Özbegistany özara birleşdirýän sebit düzümi bolup durýar. Baş edara binasy Tähran şäherinde ýerleşýän YHG söwda, ulag, energetika we syýahatçylyk gatnaşyklaryny ösdürmek boýunça iş alyp barýar.

2022