2025: Aşgabat ÝB bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça çäreleri geçirer

BT
2025: Aşgabat ÝB bilen hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek boýunça çäreleri geçirer
Türkmenistanyň we Ýewropa Bileleşiginiň 7-nji parlamentara duşuşygy, 2024-nji ýylyň 14-nji noýabry, Brýussel, Belgiýa (Surat: mfa.gov.tm)

2025-nji ýylda Aşgabat şäheri Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gönükdirilen birnäçe halkara çäreleri geçirilýän ýerine öwrüler. Şeýle çäreleriň hatarynda parlamentara dialogyň nobatdaky duşuşygyny, Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji mejlisini hem-de halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýutta Urpilaýneniň Türkmenistana saparyny guramak meýilleşdirilýär.

Bu çäreleri guramak boýunça teklipler anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow tarapyndan beýan edildi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Mejlisiň dowamynda 2025-nji ýylyň aprel aýynda Samarkant şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň hem-de ÝB-niň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilmegi meýilleşdirilýän duşuşyk bilen bagly teklip beýan edildi.

Mundan başga-da, Ýewropa Komissiýasynyň “Horizon Europe”, “Marie Sklodowska-Curie Actions” maksatnamalarynyň çäklerinde ylym-bilim hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri maslahat edildi. Bilim ministrligine we Ylymlar akademiýasyna hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin bu mümkinçiliklerden işjeň peýdalanmak teklip edildi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany Bitaraplyk syýasatyna eýerýän hem-de “Açyk gapylar” syýasatyny durmuşa geçirmegi goldaýan Türkmenistanyň dünýäniň iri döwletleri we halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýändigini belledi.

Hökümet mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

2022