Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa hat ýollady. Onda Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilik başlangyçlarynyň möhüm ähmiýeti bellenilýär diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Gazak Lideriniň bellemegine görä, Ählumumy wehimleriň barha artýan şertlerinde Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýe bolup, diňe parahatçylygy, ynanyşmagy, raýdaşlygy berkitmek arkaly ähli halklaryň abadançylygyna hem-de gülläp ösüşine esaslanýan geljegi gurmagyň mümkindigini dünýä jemgyýetçiligine ýatladýar.
Gazagystanyň Prezidenti, hususan-da, Türkmenistanyň teklibi bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamynda durmuşa geçiriljek başlangyçlaryň ähmiýetini belledi. Prezident Tokaýew Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 30 ýyllygyna gabat gelýän bu senäni ýurduň daşary syýasatynyň netijeliligini görkezýän möhüm waka hökmünde belledi.
Tokaýew öz hatynda hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gazak-türkmen gatnaşyklarynyň oňyn ösüşini belledi. Ol sebitiň durnukly we howpsuz ösüşini ilerletmekde hem-de halkara giňişlikde döredijilik başlangyçlary durmuşa geçirmekde Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşandyna ýokary baha berdi.
“Türkmenistanyň halkara abraýyny ýokarlandyrmak, diplomatiýanyň, parahatçylygyň, durnuklylygyň merkezi hökmünde Aşgabadyň ýokary derejesini pugtalandyrmak babatda Siziň öňbaşçylyk ediji ornuňyzy we öňdengörüjilikli başlangyçlaryňyzy aýratyn bellemek isleýärin” diýip, Tokaýew belledi.
Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga, şol sanda energetika, gurluşyk we ekologiýa ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge Gazagystanyň taýýardygyny tassyklady. Gazagystanyň Prezidenti iki ýurduň umumy tagallalarynyň Merkezi Aziýa halklarynyň gülläp ösüşine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.