TDHÇMB

2025: Türkmenistanyň Prezidenti harby, hukuk goraýjy edaralar üçin wezipeleri kesgitledi

BT
2025: Türkmenistanyň Prezidenti harby, hukuk goraýjy edaralar üçin wezipeleri kesgitledi
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň 2024-nji ýylda alyp baran işleriniň jemleri jemlenildi hem-de şu ýyl öňde durýan esasy wezipeler kesgitlenildi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri Begenç Gündogdyýew Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň Maksatnamasyny durmuşa geçirmek, sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak, serkerdeleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we harby gullukçylar üçin şertleri gowulandyrmak barada hasabat berdi.

Içeri işler ministri Muhammet Hydyrow jemgyýetçilik düzgün-tertibiniň üpjün edilişi, jenaýata garşy göreşmek, sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we IIM-niň düzümleri üçin täze desgalary ulanmaga bermek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Serdar Berdimuhamedow içeri işler edaralarynyň, şol sanda ýol gözegçiligi we ýangyn howpsuzlygy gulluklarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini belledi.

Baş prokuraturanyň, Ýokary kazyýetiň, Milli howpsuzlyk ministrliginiň, Serhet gullugynyň ýolbaşçylary geçirilen işler we geljekki meýilnamalar barada hasabat berdiler. Şolarda sanlylaşdyrmak, düzümleri döwrebaplaşdyrmak we ösüş maksatnamalaryny durmuşa geçirmek babatda alnyp barlan işler barada durlup geçildi.

Işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, hukuk binýadyny kämilleşdirmek we halkara hyzmatdaşlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany mejlisiň jemini jemläp, 27-nji ýanwarda Türkmenistanda Watan goragçylarynyň gününiň bellenilýändigini, döwlet howpsuzlygyny we durnuklylygyny üpjün etmekde harby gullukçylaryň möhüm orun eýeleýändigini nygtap, olary ýetip gelýän baýram bilen gutlady.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly mejlise gatnaşyjylara üstünlikleri arzuw edip, halkyň we döwletiň bähbitlerine gönükdirilen maksatnamalaýyn işleriň geljekde hem üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
Fewral 18, 2025