Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen wekiliýetiniň 2025-nji ýylyň 26-27-nji ýanwarynda Daşkent şäherine saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň habar bermegine görä, taraplar syýasy-diplomatik, ykdysady we medeni hyzmatdaşlygyň meselelerini maslahatlaşdylar. Söwda-ykdysady, ulag, energetika, suw ulgamlaryndaky bilelikdäki taslamalara hem-de sebit we halkara düzümleriniň, şol sanda BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlyga aýratyn üns berdiler.
Saparynyň dowamynda Raşid Meredow Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Howpsuzlyk geňeşiniň sekretarynyň orunbasary, Prezidentiň daşary syýasy meseleler boýunça ýörite wekili Abdulaziz Kamilow bilen hem duşuşdy. Gepleşiklerde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, şol sanda howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmegiň, logistika işini ösdürmegiň we suwdan peýdalanmagyň meseleleri maslahatlaşyldy.
Şeýle hem iki ýurduň daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Duşuşygyň jemleri boýunça 2025 – 2026-njy ýyllarda hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna we şertnama-hukuk binýadyny tükelleýiş we kämilleşdiriş boýunça Teswirnama gol çekildi.