Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aleksandr Lukaşenko Belarus Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty duşenbe güni habar berdi.
Türkmenistanyň döwlet Baştutany hatynda öz ýurdunyň deňhukuklylyk, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini nygtady. Şeýle hem Aleksandr Lukaşenkonyň parasatly we öňdengörüjilikli baştutanlygynda Belarus Respublikasynyň uly üstünlikleri gazanjakdygyna, iki ýurduň gatnaşyklarynyň bolsa hil taýdan täze derejä çykjakdygyna berk ynam bildirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Prezident Aleksandr Lukaşenko berk jan saglyk, abadançylyk, Belarus Respublikasynyň ähli halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň, gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan jogapkärli döwlet işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.
Belarus Respublikasynda Prezident saýlawlary 2025-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda geçirildi. Oňa bäş sany dalaşgär, şol sanda häzirki Prezident Aleksandr Lukaşenko hem gatnaşdy. Döwlet telewideniýesinde ýaýlyma berilmegine görä, ses berişligiň netijeleri boýunça Aleksandr Lukaşenko sesleriň 87,6 göterimini toplady.