Türkmenistan we Gyrgyzystan halkara giňişlikde ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini görkezip gelýärler. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda geçirilen telefon arkaly söhbetdeşlikde mälim edildi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, taraplar ählumumy we sebit howpsuzlygyny gorap saklamak we üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek, ekologiýa, suw serişdelerini dolandyrmak meselelerini hem-de beýleki birnäçe möhüm ugurlary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezdiler.
Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilýändigini, soňky ýyllarda munuň köp ulgamlary we ugurlary öz içine alandygyny belledi.
Söhebtdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklara okgunly häsiýetiň mahsusdygy, hökümetara, diplomatik we pudagara derejesindäki gepleşikleriň yzygiderli geçirilýändigi bellenildi.
Munda öň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew telefon arkaly söhbetdeş boldular. Onda suw we ekologiýa gün tertibindäki meselelere aýratyn üns berildi.