Türkmenistan MA ýurtlary, Azerbaýjan we Pakistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

BT
Türkmenistan MA ýurtlary, Azerbaýjan we Pakistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamowyň Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň diplomatlary bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 30-njy ýanwary, Yslamabat şäheri (Surat: Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçisi Atajan Möwlamow penşenbe güni Yslamabat şäherinde Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň diplomatlary bilen duşuşyk geçirdi. Onda taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň we Pakistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasynyň habar bermegine görä, duşuşyga gatnaşyjylar energetika, söwda we ulag ulgamlaryndaky kuwwatlyklaryň netijeli ulanylmagynyň mümkin bolan ugurlaryna garadylar.

Şeýle hem şol gün Türkmenistanyň başlangyjy bilen Yslamabat şäherinde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: parahatçylygyň bähbidine hyzmatdaşlyk” ady bilen okuw maslahaty geçirildi. Ol BMG-niň Pakistandaky işler boýunça utgaşdyryjy edarasy hem-de Strategik barlaglar instituty bilen bilelikde guraldy.

Okuw maslahatyna Pakistanyň ýokary derejeli wekilleri, şol sanda daşary işler ministriniň orunbasary Said Haider Şah, “ISSI” Howandarlyk geňeşiniň başlygy Halid Mahmud, halkara gatnaşyklary ulgamynda beýleki görnükli hünärmenler gatnaşdylar.

2022