Şenbe güni Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte-Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda ýeňiji bolmagy mynasybetli dabaraly çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Topar abraýly festiwalyň baş baýragyna we birnäçe ýörite baýraklara eýe bolup, türkmen sirk sungatynyň dünýä giňişliginde ýokary derejä ýetendigini tassyklady.
Baýramçylyk dabaralary “Akhan” binasynyň öňündäki meýdançada badalga aldy. Bu ýerde aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Soňra toparyň agzalary Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň ugratmagynda Göraogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkine ugur aldylar.
Hormatly ýaşulular, ussat atşynaslar, häkimiýet edaralarynyň, diplomatik wekilhanalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri ýeňijilere gutlag sözleri bilen çykyş etdiler.
Dabaranyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagyň we Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gutlaglary okaldy. Olarda toparyň gazanýan üstünlikleriniň Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna ýardam edýändigi bellenilýär.
"Galkynyş" toparyna türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagyň adyndan 17 müň ýewro pul baýragy gowşuryldy. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça topara 3 million manat möçberde pul baýragy berildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy topara "Awaza" syýahatçylyk zolagyndaky "Daýanç" sagaldyş merkezinde dynç almaga 10 günlük ýollanma, şeýle hem ýokary tehnologiýa enjamlary, sport egin-eşigi we türkmen halysyny sowgat etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow öz gutlagynda dünýäniň iri sirk sungaty festiwalynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň ýeňşiniň türkmen çapyksuwarlarynyň ýokary ussatlygyna we milli däplere aýawly garaýandygynyň güwäsidir. Türkmenistanyň döwlet Baştutany toparyň agzalaryna berk jan saglyk, abadançylyk we türkmen sirk sungatyny şöhratlandyrmakda mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw etdi.
Dabaranyň ahyrynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň çykyşlary guraldy.