Türkmen tarapy Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda geçirilýän harytlar we ulag serişdeleri babatda deslapky maglumatlary alyşmagyň Tehniki şertlerine gol çekdi. Bu resminama 2025-nji ýylyň 1-nji fewralynda tassyklanyldy diýip, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy habar berýär.
Şertleri işläp taýýarlamaklyk Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Gazagystanyň Maliýe ministrliginiň arasynda 2021-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda gol çekilen ylalaşygyň çäklerinde alnyp baryldy. Resminama laýyklykda, iki ýurduň gümrük edaralarynyň arasynda alşylýan maglumatlaryň düzümi, tertibi, görnüşi, şertleri we düzgünleri kesgitlenildi.
Taslama iki tapgyrda durmuşa geçiriler. Birinji tapgyrda eksport deklarasiýalary alyşmak, ikinji tapgyrda bolsa üstaşyr deklarasiýalaryň alyş-çalşyny amala aşyrmak meýilleşdirilýär.
Garaşylyşy ýaly, ýükler barada deslapky maglumatlaryň berilmegi we maglumat alyşmak işiniň awtomatlaşdyrylmagy gümrük amallarynyň ýerine ýetirilişini çaltlandyrar hem-de Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda harytlaryň geçirilişini ýeňilleşdirer.
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy ýurduň gümrük ulgamynyň işini kadalaşdyrýar, halkara borçnmalaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik etmek bilen bikanun harytlaryň getirilmegine garşy iş alyp barýar. 1991-nji ýylyň 4-nji noýabrynda döredilen bu gulluk gümrük işi bilen bagly kanunçylyk namalary kämilleşdirmek bilen degişli düzümleri döwrebaplaşdyrýar we elektron gümrük resminama dolanyşygyny ösdürýär. Gullugyň düzümine merkezi edara, okuw merkezi, sebitlerdäki 6 müdirlik we 51 sany gümrük nokady girýär.