Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew sişenbe güni Astana şäherine sapar bilen baran Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredowy kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Kasym-Žomart Tokaýewe Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi. Gazagystanyň Prezidenti Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, badalga alan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de ýurduň hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy bilen gutlady.
Kasym-Žomart Tokaýew gazak-türkmen gatnaşyklarynyň ýokary derejä ýetendigini, onuň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda ösdüirlýändigini belledi. Ol şeýle hem Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny goldamaga Gazagystanyň pugta meýillidigini tassyklady.
Taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň, ozal gazanylan ylalaşyklary, şol sanda energetika we ulag pudaklarynda taslamalary durmuşa geçirmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
2025-nji ýylyň 3-nji fewralynda Astana şäherinde Türkmenistanyň we Gazagystanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirilipdi.