Eýran kompaniýalary Mary — Maşat elektrik geçirijisiniň “Mary” döwlet elektrik stansiýasyndan Eýranyň serhedine çenli aralygynyň gurluşygy babatda iş alyp barar. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkian bilen duşenbe güni bolan telefon arkaly söhbetdeşliginde mälim etdi.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, taraplar eýýäm zerur bolan gepleşikleri geçirip, degişli resminama gol çekdiler. Oňa laýyklykda, taslamanyň durmuşa geçirilmegini eýran kompaniýalary üpjün eder.
Söhebtdeşligiň dowamynda Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Masud Pezeşkian ýangyç-energetika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşyp, onuň strategik ähmiýetlidigini bellediler. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen tebigy gazyny Eýranyň üsti bilen “swap” usuly arkaly Türkiýe Respublikasyna ibermek boýunça “BOTAŞ” kompaniýasy bilen geçirilen gepleşikler barada aýtdy.
Ozal habar berlişi ýaly, 2023-nji ýylyň 18-nji noýabrynda “Türkmenenergo” döwlet elektroenergetika korporasiýasy hem-de “Tanawir” we “Sanergy Pishro Export and Energy Promotion” kompaniýalary Mary — Maşat elektrik geçirijisiniň türkmen böelgini maliýeleşdirmek hakynda Çarçuwaly ylalaşyga gol çekdiler.