TDHÇMB

Türkmen wekiliýeti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen Tähranda saparda bolýar

BT
Türkmen wekiliýeti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen Tähranda saparda bolýar
Türkmen wekiliýetiniň EYR-niň ýol we şähergurluşyk ministriniň orunbasary Huşang Bazwand bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 11-nji fewraly, Tähran, Eýran (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

Wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda gepleşikleri geçirmek üçin 11-nji fewralda Eýranyň paýtagty Tährana sapar bilen bardy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

R.Meredowyň Eýranyň ýol we şähergurluşyk ministriniň orunbasary Huşang Bazwand bilen duşuşygy boldy. Taraplar Türkmenistandaky awtomobil ýollarynyň gurluşygyna eýran kompaniýalarynyň gatnaşmagy babatda oňyn tejribäniň bardygyny bellediler we bilelikdäki hökümetara toparyň mejlislerinde gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşiklerde ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge özara gyzyklanmalar beýan edildi.

Soňra türkmen wekiliýeti Eýranyň nebit ministri bilen duşuşyk geçirdi. Onda nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bilelikde taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

Türkmen wekiliýetiniň Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Abbas Aliabadi bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 11-nji fewraly, Tähran, Eýran (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadi bilen geçirilen gepleşiklerde energetika ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak we ugurdaş edaralaryň işini utgaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy. Iki ýurduň ministrleri hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge meýillidiklerini tassykladylar.

Türkmenistanyň wekiliýetiniň Tährana sapary dowam edýär.

Neşirimize ýazylmak üçin:

WhatsApp: Biznes Türkmenistan

Telegram: Biznes Türkmenistan

Instagram: Biznes Türkmenistan

X: Biznes Türkmenistan

Dzen: Бизнес Туркменистан

Mart 17, 2025