2025-nji ýylyň 1-nji martyndan Türkmenistandan tebigy gaz Türkiýä iberilip başlanar. Bu barada Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisi Ahmet Demirok özüniň rezidensiýasynda bolan metbugat maslahatynda mälim etdi.
Tebigy gaz ibermek hakynda ylalaşyk iki ýurduň arasynda 2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda geçirilen gepleşiklerden soň gol çekildi.
A.Demirok gysga we uzak möhletleýin geljek üçin bu taslamanyň möhüm ähmiýetini belläp, geljekde Ýewropa gaz ibermek üçin Transhazar gaz geçirijisiniň gurluşygyna girişmegiň meýilleşdirilýändigini aýtdy.
Mundan öň, Türkmenistan “BOTAŞ” türk kompaniýasy bilen türkmen tebigy gazyny “SWAP” usulynda Eýranyň üsti bilen Türkiýä ibermek hakynda gepleşikleri geçiripdi.