Şu ýylyň ýanwar aýynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna Türkmenistanda özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi 3 milliard manatdan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde mälim etdi, diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Türkmenistanyň döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, bu goýumlar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, welaýatlarda goşmaça iş orunlaryny döretmäge mümkinçilik berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistany 2025-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça netijeli işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady we maliýe meseleler boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow ýanwar aýynda gazanylan makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Oňa laýyklykda, Türkmenistanda önümçilik geçen ýylyň degişli döwründäkiden 9,2 göterim artyp, JIÖ-niň ösüş depgini 6,3 göterime barabar boldy. Geçen aýda iň ýokary ösüş depgini ulag-aragatnaşyk pudagynda (11,1%) we söwdada (9,9%) gazanyldy.
Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 11,1 göterim, daşary söwda dolanyşygy 1,1 göterim ýokarlandy. Iri we orta kärhanalarda ortaça aýlyk zähmet haky, 2024-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,6 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Ýanwar aýynda maýa goýumlaryň möçberi 27,3 göterim artdy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Taňryguly Atahallyýew oba hojalyk boýunça meýilnamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Oba hojalyk pudagy boýunça maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň meýilnamasy 388,5 göterim ýerine ýetirildi.
Hökümet mejlisinde döwlet durmuşynyň başga-da birnäçe möhüm meselelerine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.