Samarkantdaky sammitiň öňüsyrasynda Aşgabatda “ÝB-Merkezi Aziýa” ministrler maslahaty geçiriler

BT
Samarkantdaky sammitiň öňüsyrasynda Aşgabatda “ÝB-Merkezi Aziýa” ministrler maslahaty geçiriler
Merkezi Aziýa we Ýewropa Bileleşigi döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 18-nji duşuşygy, 2022-nji ýylyň 17-nji noýabry, Samarkant, Özbegistan (Surat: Türkmenistanyň DIM-i)

2025-nji ýylyň 4-nji martynda Aşgabat şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ministrler maslahaty geçiriler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, bu çäre Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň başlyklyk etmeginde 3-4-nji aprelde Samarkant şäherinde geçiriljek ilkinji “Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa” sammitine taýýarlyk görmegiň möhüm bölegine öwrüler.

Çärä Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň ýolbaşçylary gatnaşarlar, Ýewropa Bileleşigine bolsa, Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Antoniu Koşta we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýen wekilçilik ederler.

Sammit Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň howpsuzlyk, ykdysadyýet, ulag, sanlylaşdyrmak, energetika strategik ähmiýetli çig mallar ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge mümkinçilikleri döreder.

Türkmenistan syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda ÝB bilen işjeň hyzmatdaşlyk edýär. Türkmenistan “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” formatynyň çäklerinde ulag, ekologiýa, energetika we bilim boýunça taslamalara gatnaşýar.

2025-nji ýylda Aşgabat şäheri Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gönükdirilen birnäçe halkara çäreleri geçirilýän ýerine öwrüler. Şeýle çäreleriň hatarynda parlamentara dialogyň nobatdaky duşuşygyny, Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň 20-nji mejlisini hem-de halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary Ýutta Urpilaýneniň Türkmenistana saparyny guramak meýilleşdirilýär.

2022