Türkmen telekeçileri Daşkent we Almaty şäherlerinde geçiriljek halkara sergilere gatnaşmaga çakylyk alyp, olaryň çäklerinde “Made in Turkmenistan” atly toparlaýyn diwarlykda öz önümlerini görkezip bilerler. “Mayer Expo Asia” jogapkärçiligi çäkli jemgyýeti “NON-FOOD ASIA EXPO 2025” sergisine gatnaşmak üçin ýörite şertleri hödürleýär diýip, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi habar berýär.
Sergiler 2025-nji ýylyň 21 – 23-nji maýynda Daşkentdäki “UzExpoCenter” merkezinde we 26 – 28-nji maý aralygynda Almatydaky “Atakent” sergiler merkezinde geçiriler. Bu çäreler Gazagystan Respublikasynyň Söwda we goşulyşmak ministrliginiň hem-de “Atameken” Milli telekeçiler palatasynyň ýardamy bilen guralýar.
Sergilerde azyk pudagyna degişli bolmadyk dürli harytlar, şol sanda hojalyk himiýasy, parfýumeriýa-kosmetika, gündelik peýdalanmak üçin önümler we gaplama serişdeleri tanyşdyrylar. Çärelere gatnaşmaklyk türkmen kompaniýalaryna özlerini halkara giňişlikde tanatmaga we Merkezi Aziýa ýurtlaryndan bolan hyzmatdaşlar bilen işewürlik gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer.
Sergileriň işewürlik maksatnamalary milli önüdirijileriň önümlerini ilerletmäge, içerki bazary ösdürmäge we halkara söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge gönükdirilendir. Munuň özi türkmen kärhanalary üçin täze mümkinçilikleri açar.
Çäreleri guraýjylar Türkmenistanyň ýerli önüm öndürijileriň täze bazarlara çykmaklary üçin ajaýyp şertleri döretmek bilen, ýurtlaryň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynda möhüm orun eýeleýändigini bellediler.