Türkmen telekeçileri Germaniýada işewürlik okuwlara çagyrylýar

BT
Türkmen telekeçileri Germaniýada işewürlik okuwlara çagyrylýar
Türkmen-german işewürlik maslahaty, 2023-nji ýylyň 29-njy sentýabry, Berlin, Germaniýa (Surat: TSSE)

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi Germaniýanyň Ykdysadyýet we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça federal ministrligi bilen bilelikde “Partnering in Business with Germany” atly maksatnamanyň 2025-nji ýyldaky tapgyrynyň çäklerinde “Umumy ykdysady hyzmatdaşlyk” toparyna döwlete dahylly bolmadyk düzümlerden dalaşgärleri seçip almak üçin söhbetdeşlik guraýar.

Bu maksatnama okuwlary we Germaniýada 3 hepdelik iş tejribeligini öz içine alýar. Türkmen-german söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça taslamalaryny tanyşdyran dalaşgärlere uzak aralykdan okuwlar berler.

Oňa gatnaşmak üçin arzalar 2025-nji ýylyň 12-nji martyna çenli Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde kabul edilýär diýip, “Neýtralnyý Türkmenistan” gazeti duşenbe güni habar berdi.

Ýokary bilim, iňlis we rus dillerinde erkin gürläp bilmeklik, 5 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi (şonuň 2 ýyly ýyly ýolbaşçy wezipede bolmaly) dalaşgärlere bildirilýän talaplardyr. Gatnaşyjylar ýuridiki şahs hökmünde işleýän ýa-da hususy telekeçi bolmalydyr.

Goşmaça maglumaty www.fineconomic.gov.tm web-saýty ýa-da (+99312) 39-43-55 telefon belgisine jaň edip alyp bolýar.

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi hem-de Germaniýanyň Ykdysadyýet we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça federal ministrligi bilelikde “Partnering in Business with Germany” atly okuw maksatnamasynyň 2025-nji ýyldaky tapgyrynyň çäklerinde “Akylly” oba hojalygy we azyk senagaty” atly halkara toparyna seçip almak üçin döwlete dahylly däl pudagyň wekilleri üçin söhbetdeşligiň geçirilýändigini hem yglan edýär.

2022