Serdar Berdimuhamedow Rustam Minnihanow bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

BT
Serdar Berdimuhamedow Rustam Minnihanow bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 18-nji fewraly, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sişenbe güni Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow bilen duşuşdy. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Duşuşygyň barşynda R.Minnihanow Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we Türkmenistanyň halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Serdar Berdimuhamedow Russiýanyň döwlet Baştutanyna iň gowy arzuwlaryny beýan edip, türkmen-tatarystan hyzmatdaşlygyny berkitmegiň möhüm ähmiýetini belledi.

Medeni-ynsanperwer gatnaşyklara aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň döwlet Baştutany beýik türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen halkara foruma gatnaşandygy üçin R.Minnihanowa minnetdarlyk bildirdi.

Taraplar halklaryň arasynda ozaldan gelýän medeni ýakynlyga we özara hormat goýmaga esaslanýan dostlukly gatnaşyklaryň mahsusdygyny bellediler. Hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlarynyň hatartynda bilim, medeniýet we sungat ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Serdar Berdimuhamedow R.Minnihanowy Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanlary birek-birege berk jan saglyk, üstünlikleri arzuw edip, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirdiler.

2022