Türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň NEXI agentligi bilen hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini maslahatlaşdy

BT
Türkmen wekiliýeti Ýaponiýanyň NEXI agentligi bilen hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
Türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň eksporty we maýalary ätiýaçlandyryş agentliginiň (NEXI) başlygy Asuo Kuroda bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 17 – 19-njy fewraly, Tokio, Ýaponiýa (Surat: mfa.gov.tm)

Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahimberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýetiniň 2025-nji ýylyň 17 – 19-njy fewralynda Tokio şäherine bolan saparynyň çäklerinde Ýaponiýanyň eksporty we maýalary ätiýaçlandyryş agentliginiň (NEXI) başlygy Asuo Kuroda bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda Türkmenistanda taslamalaryň durmuşa geçirilişine maliýe düzümleri çekmek işine NEXI-niň gatnaşmak mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Ýaponiýanyň ykdysadyýet, söwda we senagat ministriniň orunbasary Takehiko Masuo bilen hem gepleşikleri boldy. Söhbetdeşler senagat hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine aýratyn üns berdiler hem-de Türkmenistanda taslamalaryň durmuşa geçirilişinde ýapon tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagynyň möhüm ähmiýetini bellediler.

Türkmenistanyň wekilleri şeýle hem «Itochu Corporation», «Kawasaki Heavy Industries», «Mitsubishi Corporation» we «Mitsubishi Heavy Industries» ýaly iri ýapon kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen hem duşuşyklary geçirdiler.

Mundan öň NEXI agentligi Türkmenistanda amala aşyrylýan taslamalara gatnaşmaga taýýardygyny mälim edipdi.

Döwlet edarasy bolup durýan Ýaponiýanyň eksporty we maýalary ätiýaçlandyryş agentligi (NEXI) ýapon kompaniýalarynyň halkara işlerine ýardam berýär. Agentlik ýapon kompaniýalarynyň halkara işewürlik amallarynyň durnukly ösdürilmegini goldamak bilen, dünýä möçberindäki ykdysady ösüş we işewürlik gatnaşyklaryň berkidilmegi üçin şertleri döredýär.

2022