TDHÇMB

Türkmenistan, Hytaý TIR ulgamy boýunça ilkinji göni ýükdaşama gatnawyna başlady

BT
Türkmenistan, Hytaý TIR ulgamy boýunça ilkinji göni ýükdaşama gatnawyna başlady
Ýük awtoulaglary ýolda (Surat: ayauk.gov.tm)

Türkmenistan bilen Hytaý TIR halkara ulgamy boýunça awtomobil arkaly ýük daşamalaryň ilkinji göni gatnawyny ýola goýdy. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” agentligi habar berýär.

Habarda bellenilişi ýaly, ilkinji ýollama Hytaýyň Çžençžou şäherinden Aşgabada iberildi.

6 müň kilometre golaý uzynlygy bolan gatnaw ugry Gazagystanyň we Özbegistanyň üstünden geçýär. Bu aralygy geçmek üçin bolsa 9 gün sarp edilýär.

“Zhengzhou Hongyi Transportation Co.” kompaniýasynyň baş direktorynyň orunbasary Wan Ti täze ugruň howa ýoly arkaly daşalandaky bilen deňeşdirilende ulag çykdajylaryny 35 göterim azaltmaga we demir ýol arkaly daşalandakydan iki esse tizleşdirmäge mümkinçilik berýär.

TIR ulgamy (Transports Internationaux Routiers) halkara ýük daşamalary ýeňilleşdirýär. Onda ýük iberilýän nokadynda möhürlenip, gelip düşmeli ýerinde hem açylýar. Munuň özi ýola sarp edilýän wagty we gözegçilik çykdajylaryny azaltmaga şert döredýär.

Hytaýy 9 ýurt, şol sanda Russiýa, Özbegistan we Gruziýa bilen özara baglanyşdyrýan gatnaw ugry TIR ulgamynyň 18 gatnaw ýoluna hyzmat edýän Henan logistika merkezinden başlanýar. 

Mart 27, 2025