TDHÇMB

Türkmenistanda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk döwletler boýunça maslahaty geçiriler

BT
Türkmenistanda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk döwletler boýunça maslahaty geçiriler
Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima bilen duşuşygy, 2025-nji ýylyň 24-nji fewraly, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: mfa.gov.tm)

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň duşenbe güni Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Baş sekretarynyň orunbasary Rabab Fatima bilen duşuşygy boldy. Onuň barşynda taraplar şu ýylyň ikinji ýarymynda Türkmenistanda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça 3-nji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. 

Söhbetdeşler durnukly ösüşde, ulag we sanly arabaglanyşygy kämilleşdirmekde hem-de azyk we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde öňde boljak maslahatyň möhüm ähmiýetini bellediler. Şeýle hem guramaçylyk we jemleýji hem-de beýleki ähmiýetli resminamalary taýýarlamak meseleleri maslahatlaşyldy. 

Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň BMG we onuň ýöriteleşdirilen guramalary bilen giň ugurlar boýunça uzak ýyllaryň dowamynda üstünlikli ösdürilýän strategik hyzmatdaşlygynyň tejribesi barada hem durlup geçildi. Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen şu ýylda meýilleşdirilýän çärelere aýratyn üns berildi. 

500 million adamdan gowrak ilaty özünde jemleýän, deňze çykalgasy bolmadyk 32 sany ösüp barýan döwletiň geografik taýdan ýerleşmegi bilen bagly beýleki ýurtlar bilen ykdysady gatnaşyklaryna täsirini ýetirýän umumy meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny bellemek gerek. 

Aprel 11, 2025