Türkmenistanyň Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow sişenbe güni Gazagystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, daşary işler ministri Murat Nurtleu bilen duşuşyk geçirdi. Onda taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde 2025-nji ýylda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriň tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, duşuşykda şeýle hem syýasy, söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr we energetika ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerine garaldy.
Murat Nurtleu Gazagystanyň Türkmenistan bilen strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.
Duşuşygyň ahyrynda Batyr Rejepow Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçilijke halkara foruma gatnaşmak üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe iberilen resmi çakylygy gowşurdy.
Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 27-nji awgustynda ýol goýuldy.