Türkmenistanyň lukmançylyk merkezleri “German Design Award” baýragyna eýe boldular

BT
Türkmenistanyň lukmançylyk merkezleri “German Design Award” baýragyna eýe boldular
Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabarasy, 2024-nji ýylyň 9-njy oktýabry, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

Aşgabat şäherindäki Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi we Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi binagärlik ussatlygy hem-de innowasion lukmançylyk tehnologiýalary üçin “Rat für Formgebung” edarasynyň (Germaniýanyň dizaýn boýunça geňeşi) güwänamalaryna mynasyp boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.
 
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we Türkmenistanyň Prezidenti Serdra Berdimuhamedowyň tagallasy bilen gurlan saglyk merkezleri geçen ýyl Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününde açyldy. Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi 400 orunlyk, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi bolsa 250 orunlykdyr.

Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezi şikesden we keselden soň ynsan saglygy dikeltmäge ýöriteleşen bolsa, Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkezi dermanlyk ösümlikleri, allergologiýa, immunologiýa, iýmit we dem alyş ýollary babatda barlaglary alyp barmak bilen meşgullanýar. Bu edaralarda lukmançylyk işgärleriniň halypa-şägirtlik ýoly ýola goýlup, näsagyň çalt sagalmagyna ýardam edýän içegäniň laparoskopik rezeksiýasy (Bilrot II usuly) hem ýerine ýetirilýär.

Iki saglyk merkezi hem “Gap Inşaat Ýatyrym we Dyş Tijaret A.Ş.” türk kompaniýasy tarapyndan gurlup, häzirki zaman tehnologiýalary, şol sanda multimediýa dikeldiş enjamlary, barlaghanalar bilen üpjün edilendir hem-de holangioskop we holedohoskop ýaly döwrebap anyklaýyş usullary ornaşdyrylandyr.

Bu bäsleşik Frankfurt şäherinde ýerleşýän Germaniýanyň dizaýn boýunça geňeşi (Rat für Formgebung) tarapyndan ýurduň federal hökümetiniň goldawy bilen her ýyl geçirilýär.

2022