Türkmenistanda 2026 – 2030-njy ýyllarda inçekesele gözegçilik etmegiň maksatnamasy taýýarlanylýar

BT
Türkmenistanda 2026 – 2030-njy ýyllarda inçekesele gözegçilik etmegiň maksatnamasy taýýarlanylýar
BSGG-niň Ýewropa sebitleýin edarasynyň tehniki geňeş boýunça wekiliýeti, 2025-nji ýylyň 25-nji fewraly, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: THP)

Aşgabatda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSGG) Ýewropa sebitleýin edarasynyň Türkmenistanda 2026 – 2030-njy ýyllarda inçekesele gözegçilik etmek boýunça maksatnamalaýyn milli meýilnamanyň döredilmegine gönükdirilen tehniki geňeşme wekiliýetiniň mejlisi geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty penşenbe güni habar berdi.

BSGG-niň inçekesel boýunça sebitleýin geňeşçisi, doktor Askar Ýedilbaýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2021 – 2025-nji ýyllarda inçekesele garşy göreşmek boýunça milli maksatnamanyň synynyň netijelerini tanyşdyrdy. Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri bilen bolan duşuşygyň dowamynda täze meýilnamanyň möhüm wezipeleri, şol sanda onuň maksatlary, ileri tutýan ugurlary, Ýewropa sebitiniň beýleki ýurtlary bilen tejribeleri alyşmagyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. 

BSGG-niň bilermenleri hereket edýän maksatnamanyň ýerine ýetirilişine baha bermek, zerur çäreleri we maksatnamalaýyn görkezijileri kesgitlemek hem-de maliýe we tehniki goldaw zerurlyklary deslapdan seljermek wezipelerini öz içine alýan ýol kartanyň taslamasyny teklip etdiler. 

Bu gezekki sapar inçekesele garşy göreşmekde Türkmenstanyň mümkinçiliklerini berkitmäge we keselçiligiň derejesini peseltmäge gönükdirildi. BSGG bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygy 2030-njy ýyla çenli inçekeseliň soňuna çykmak boýunça ählumumy maksada ýetmäge gönükdirilendir. 

2022