Türkmenistan bilen Eýran konsullyk we gümrük meselelerini maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan bilen Eýran konsullyk we gümrük meselelerini maslahatlaşdylar
Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisi, 2025-nji ýylyň 27-nji fewraly, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: mfa.gov.tm)

Penşenbe güni Aşgabatda Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça hökümetara türkmen-eýran toparynyň 17-nji mejlisi geçirildi. Oňa ugurdaş ministrlikleriň we hukuk goraýjy edaralaryň ýokary derejeli wekilleri gatnaşdylar diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Eýranyň wekiliýetine bolsa daşary işler ministriniň orunbasary Wahid Jalalzade başlyklyk etdiler.

Toparyň 2024-nji ýylyň fewralynda Tähran şäherinde geçirilen ozalky 16-njy mejlisinde gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmek maslahatlaşmalaryň esasy meselesi boldy.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary häzirki ýagdaýy boýunça pikir alşyp, gazanylan ylalaşyklary gyşarnyksyz ýerine ýetirmegiň ähmiýetini bellediler.

Mejlisiň netijeleri boýunça Jemleýji teswirnama gol çekildi.

2022