Dünýä döwletleriniň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentini mukaddes Oraza aýy bilen gutladylar

BT
Dünýä döwletleriniň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidentini mukaddes Oraza aýy bilen gutladylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow (Surat: TDH)

Dünýä döwletleriniň ýolbaşçylary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi bilen mähirli gutladylar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty anna güni habar berdi. 

Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we ähli maşgala agzalaryna berk jan saglyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçlylyk, gülläp ösüş we abadançylyk arzuw etdi. Ol şeýle hem ýurtlaryň arasynda özara hormat goýmaga we ynanyşmaga esaslanýan strategik hyzmatdaşlygynyň soňky ýyllarda yzygiderli ösdürilýändigini we oňyn netijeleri berýändigini belledi. 

Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Saud mübärek Oraza aýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny beýan etdi we Türkmenistanyň Prezidentine berk jan saglyk, halkyna bolsa bagtyýarlyk arzuw etdi. 

Kuweýt Döwletiniň Emiri Şeýh Mişaal Al-Ahmad Al-Jaber Al-Sabah we Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifa iberen gutlaglarynda Türkmenistanyň döwlet Baştutanyna berk jan saglyk, ýurduna gülläp ösüş we abadançylyk arzuw etdi. 

Döwlet ýolbaşçylary özleriniň hatlarynda mübärek Oraza aýynyň ähmiýetini nygtap, dünýädäki ähli musulmanlara abadançylyk we bagt arzuw etdiler. 

2022