Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatdaky Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygy bilen tanyşdy

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatdaky Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşygy bilen tanyşdy
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow (Surat: TDH)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sişenbe güni Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, onuň dowamynda 160 orunlyk Halkara pediatriýa merkeziniň gurluşyk meýdançasyna baryp gördi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Gurbanguly Berdimuhamedow saparynyň dowamynda lukmançylyk edarasynyň binagärlik aýratynlyklary, onuň bölümleriniň enjamlaşdyrylyşy hem-de ulanylýan gurluşyk we bezeg serişdeleri bilen tanyşdy. Ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrmak, bezeg aýratynlyklaryny Aşgabat şäheriniň binagärlik gözelligi bilen sazlaşykly utgaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Gözden geçirilişiň barşynda türkmen halkynyň Milli Lideri ýöriteleşdirilen ulaglaryň, hususan-da, tiz kömek awtoulaglarynyň şäherde bökdençsiz hereket etmegini üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady. Şunuň bilen balylykda, Aşgabat şäheriniň Häkimi Rahym Gandymowa degişli çäreleri geçirmek tabşyryldy.

Gurluşyk meýdançasynda geçirilen iş maslahatynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Halkara saglyk merkezleri müdiriýetiniň baş müdiri S.Annanyýazowa merkeziň bölümlerinde meýilnamalaýyn işleriň barşy we olaryň tehniki enjamlaşdyrylyşy barada hasabat berdi. Lukmançylyk edarasynyň diňe bir Türkmenistanda däl, eýsem, tutuş sebitde ilkinji gezek ornaşdyryljak häzirki zaman lukmançylyk enjamlary hem-de ulgamlary bilen enjamlaşdyrljakdygy bellenildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow öňdebaryjy enjamlar bilen işlejek hünärmenleriň ýokary derejede taýýarlanylmagynyň möhümdigine ünsi çekdi hem-de işlerde emeli aň we sanly tehnologiýalaryň ulanylmagynyň lukmançylyk hyzmatlaryny hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berjekdigini belledi.

Maslahatyň dowamynda merkeziň gurluşygyny tamamlamak boýunça işleriň, onuň içki we daşky bezegleriniň saglygy goraýyşyň häzirki zaman talaplaryna laýyk gelmelidigi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, pediatriýa, newrologiýa, endokrinologiýa, ortopediýa, allergologiýa, çaga kesellerini anyklamak we bejermek meselelerine üns berildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ösüp gelýän ýaş nesli döwlet syýasatynyň möhüm ugrydygyny nygtap, täze merkeziň milli saglygy goraýyş ulgamynyň möhüm desgasy hökmünde uzak ýyllaryň dowamynda hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

2022