Aşgabatda häzirki zaman amatlykly ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi

BT
Aşgabatda häzirki zaman amatlykly ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi
Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy, 2025-nji ýylyň 5-nji mary, Aşgabat, Türkmenistan (Surat: THP)

Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabynda 2 sany 48 öýli we bir 64 öýli täze ýaşaýyş jaýlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Ýaşaýyş jaýlarynyň biri mümkinçiligi çäkli we durmuş goldawyna mätäç maşgalalar üçin niýetlenendir.

Döwrebap ýaşaýyş binalarda rahat ýaşaýşy üpjün edýän häzirki zaman amatlyklar we düzümler kemala getirilipdir. Bina mümkinçiligi çäkli adamlaryň zerurlyklaryna doly gabat gelmegi olaryň amatly ýaşaýşyny üpjün edýär. Binalaryň töweregnde ýanýodalar çekilip, dürli saýaly baglar ekilipdir hem-de durmuş düzümleri döredilipdir.

Dabara ýerli döredijilik toparlarynyň medeni çykyşlary bilen utgaşdy. Dabaranyň dowamynda aýratyn tapawutlanan gurluşyçylara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

2022