“Bilimli Ýyldyz” kanselýariýa önümleriniň giň görnüşini hödürleýär

BT
“Bilimli Ýyldyz” kanselýariýa önümleriniň giň görnüşini hödürleýär
“Bilimli Ýyldyz” okuw we edara harytlar dükany (Surat: Bilimli Ýyldyz)

“Bilimli Ýyldyz” dükany okuw we edara harytlar dükany dolandyryş, okuw we döredijilik maksatlary üçin niýetlenen önümleriň giň görnüşini hödürleýär. Bu ýerde amatly we netijeli iş gurşawyny döretmek hem-de okuw we döredijilik başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin ähli zerur harytlary tapyp bolýar.

Dükanda edara zerurlyklary üçin syýagalamlar, galamlar, kagyzlar, resminama bukjalary, tertibe getiriji esbaplar we başga-da köpsanly harytlar hödürlenilýär. Talyplar we mekdep okuwçylary okuwy has özüneçekiji edýän depderleriň, gündelikleriň, okuw sumkalarynyň we penallarynyň baý görnüşlerine baha berip bilerler. Döredijilik adamlary özleriniň pikirlerini durmuşa geçirmek üçin surat çekmekde ulanylýan harytlary, güýmenje maksatly maýyşgak serişdeleri we düzme esbaplary tapyp bilerler. Okamagy gowy görýänler üçin bu ýerde nusgawy edebiýatdan başlap, iň köp satylan kitaplara çenli islendik kitaplar bar.

“Bilimli Ýyldyzyň” esasy aýratynlyklarynyň biri onuň harytlary elýeterli bahalarda hödürlemegidir. Munuň özi alyjylar köpçüliginiň ünsüni özüne çekýär. Müşderiler üçin öýde ýa-da iş ýerde harytlary sargyt etmek üçin eltip bermek hyzmaty göz öňünde tutulandyr.

Dükan her gün 8:00-dan 23:00-a çenli işleýär, onuň mylakatly işgärleri bolsa önüm saýlamaga we soraglara jogap bermäge hemişe taýaýrdyr.

Sargyt etmek we goşmaça maglumat üçin şu telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz: (+993 65) 80 15 23, (+993 65) 55 72 18.

Dükanlaryň salgysy:

  • A.Annaýew köçesi 20/2, “Medet” binasy
  • Altyn Asyr Gündogar bazary, A-1 bölümi, 51-52-nji dükanlar.
2022