“Guwlyduz” kärhanasy Owganystana külkelenen duzuň iberilişini ýola goýdy

BT
“Guwlyduz” kärhanasy Owganystana külkelenen duzuň iberilişini ýola goýdy
Türkmenbaşy etrabynyň Guwlymaýak şäherçesinde ýerleşýän “Guwlyduz” kärhanasynda duzuň gazylyp alnyşy, Balkan welaýaty, Türkmenistan (Surat: turkmenmetbugat.gov.tm)

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Guwlyduz” kärhanasy Owganystanyň hususy kärhanalaryna külkelenen duz önümlerini ibermäge girişdi. Bu görnüşli duz nebitgaz, azyk, dokma pudaklarynda, derman senagatynda hem-de ýyladyş ulgamlarynda giňden ulanylýar diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

“Guwlyduzuň” kuwwatlyklary ýylda 40 müň tonna çenli ýokary hili azyklylyk duzuň umumy önümçilik möçberini ýylda 40 müň tonna çenli artdyrmaga mümkinçilik berýär. Külkelenen tehniki duzuň ýyllyk önümçiligi bolsa 2500 tonna deňdir.

Kärhanada 2024-nji ýylda gazylyp alnan duzuň umumy möçberiniň 8 910 tonna ýetirilmegi önümçilik meýilnamasyny 101,5 göterimde artygy bilen ýerine ýetirmäge mümkinçilik berdi. Kärhana şeýle hem külkelenen duzuň 7 920 tonnasyny çykaryp, önümçilikde ýokary görkezijileri gazandy. Gaplanan azyklyk duzuň möçberi bolsa 2 357 tonna deň bolup, önümçilik möçberiniň ösüş depgini 117,5 göterime barabar boldy.

Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Guwlyduz” kärhanasynda dürli görnüşli duzlary öndürmek boýunça täze önümhanalary gurmak boýunça taslamany makullady we bu babatda zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Gök, et we balyk önümleri, miweleri gaýtadan işlemek boýunça iş alyp barýan kärhanalar azyklyk duzdan işjeň peýdalanýarlar. Hususy kärhanalar senagat taýdan gaýtadan işlemek üçin niýetlenen duzlara uly gyzyklanma bildirýärler. Azyklyk duzuň ýod kaliýsi bilen baýlaşdyrylmagy möhüm sepgitleriň biri boldy. Bu üstünlik ÝUNISEF-iň, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Ýod ýetmezçiliginiň netijesinde döreýän kesellere garşy göreşmek boýunça halkara Geňeşiň hem ýokary bahasyna eýe boldy.

2022