Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine uzaýan ýoly döwrebaplaşdyrmagyň taslamasy bilen tanyşdy

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine uzaýan ýoly döwrebaplaşdyrmagyň taslamasy bilen tanyşdy
Arkadag şäheri, Ahal welaýaty, Türkmenistan (Surat: THP)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, bu ýerde şäheri birleşdirýän halkalaýyn ýoly döwrebaplaşdyrmagyň taslamalaryny synlady. Düýpli abatlaýyş işleriniň çäklerinde ýaşyl zolaklaryň döredilmegi, täze ýol belgileriniň oturdylmagy, mahabat bannerleriniň we yşyklandyryjylaryň oturdylmagy göz öňünde tutulýar. Ýoluň ugrunda ahalteke bedewleriniň heýkelleriniň ýerleşdirilmegi möhüm wakalaryň biri bolar diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazow täze ýoly “Ahalteke atlary” şaýoly diýip atlandyrmagy teklip etdi. Bu mesele Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna berler. Şeýle hem welosiped we atly gezelenç ýodalarynyň gurulmagy meýilleşdirilýär. Munuň özi dynç alýanlaryň we ýolagçylaryň rahatlygyny üpjün eder.

Gurbanguly Berdimuhamedow teklibi goldap, ony Mejlisiň garamagyna hödürlemegiň möhümdigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň ikinji tapgyrynda gurulmagy meýilleşdirilýän durmuş maksatly binalaryň hem-de ýol-ulag düzümleriniň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy. Senagat toplumlarynyň döredilmegi şäheriň ikinji tapgyrynda ileri tutulýan wezipeleriň biridir.

Gurbanguly Berdimuhamedow senagat we durmuş maksatly desgalaryň taslamalary işlenip taýýarlanylanda olaryň bu ýeriň tebigy aýratynlyklary bilen sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň hem-de ýanaşyk ýerleriň abadanlaşdyrylmagyna we şäheriň ekologiýa deňagramlylygynyň goralyp saklanylmagyna aýratyn üns berilmelidigini belledi.

Şunda Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gurbanguly Berdimuhamedow gurluşyk işleriniň dünýäniň häzirki zaman ölçeglerine laýyk gelmelidigini nygtap, hödürlenen taslamalara birnäçe düzedişleir girizdi. Şeýle hem gurulýan ähli desgalaryň täze şäheriň ajaýyp binagärlik gözelligine öwrülmelidigi bellenildi. Gurluşyk işlerini berk, çydamly serişdeleri ulanmak arkaly öz wagtynda, ýokary hil derejesinde ýerine ýetirmek möhüm talap bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň dolandyryş işleri boýunça wise-prezidenti Rejep Bazarowyň we bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda Haýyr-sahawat gaznanyň döredilmeginiň 4 ýyllygyna bagyşlanan çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

2022