Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni Aşgabatda Gruziýanyň daşary işler ministri Maka Boçorişwili bilen duşuşdy. Gepleşikleriň dowamynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň dowamynda geçirilmegi meýilleşdirilýän bilelikdäki çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar döwletara gatnaşyklaryň ösdürilmeginde ýokary derejedäki duşuşyklaryň ähmiýetini belläp, Gruziýanyň Premýer-ministri Irakli Kobahidzeniň Türkmenistana amala aşyrýan saparynyň möhümdigine ünsi çekdiler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hem-de BMG ýaly halkara guramalarynyň çäklerindäki özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylýandygyny nygtadylar. Şeýle hem iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda ministrler we bölüm ýolbaşçylary derejesinde yzygiderli geňeşmeleri geçirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Gruziýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllar üçin Hyzmatdaşlyk Maksatnamasyna gol çekildi.