Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow anna güni Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili, Ýewropa komissiýasynyň wise-prezidenti Kaýa Kallas bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy.
Söhbetdeşligiň barşynda taraplar ýakyn wagtda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary we iň ýokary derejedäki duşuşyklar boýunça özara pikir alyşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky hyzmatdaşlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunda “Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi” formatyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berildi.
Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri boýunça özara pikir alyşmalar boldy.








_(1)30624-495x4352.jpg)
30635-90x604.jpg)




30625-90x604.jpeg)
_(1)30624-90x604.jpg)


