Türkmen telekeçileri Daşkentde geçiriljek “UzFood” we “O`ZuPACK” sergilerine çagyryldy

BT
Türkmen telekeçileri Daşkentde geçiriljek “UzFood” we “O`ZuPACK” sergilerine çagyryldy
UzFood 2024, 2024-nji ýylyň 26-28-nji apreli, Таşkent, Özbegistan (Surat: UzFood)

Türkmen telekeçileri 2025-nji ýylyň 8 – 10-njy aprelinde Özbegistanyň paýtagty Daşkentde geçiriljek “UzFood” we “O`ZuPACK” halkara sergilerine gatnaşmaga çagyryldy. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.

“UzFood” sergisi azyk senagaty we iýmit önümleri pudagynda möhüm çäredir. Sergä her ýyl öňdebaryjy önüm öndürijiler, eksport edijiler we ilata ýetirijiler gatnaşmak bilen, degişli ugurda Özbegistanyň we dünýäniň azyk bazarynyň mümkinçiliklerini görkezýärler.

Sergä pudagyň iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, import edijiler we üpjün edijiler gatnaşýarlar. Olara önümleriň we enjamlaryň giň görnüşlerini synlamaga, täze hyzmatdaşlary agtarmaga mümkinçilik döredilýär.

“O`ZuPACK” – Özbegistanda gaplaýyş senagatyna ýöriteleşen ýeketäk sergi bolup durýar. Ýokary hilli görkeziş meýdançasynda senagatyň dürli pudaklarynda önümçilik işi tanyşdyrylýar.

Sergi azyk we gaýtadan işlemek hem-de ugurdaş önümçilik pudaklarynda işleýän kompaniýalara we kärhanalara gönükdirilendir.

2022