Dünýä döwletleriniň liderleri mukaddes Oraza aýy mynasybetli Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny gutladylar

BT
Dünýä döwletleriniň liderleri mukaddes Oraza aýy mynasybetli Türkmenistanyň ýolbaşçylaryny gutladylar
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow (Surat: TDH)

Dünýä döwletleriniň ýolbaşçylary mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi bilen Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa gutlag hatlaryny iberdiler.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Eýranyň Prezidenti Masud Pezeşkian, Omanyň Soltany Haýsam bin Tarik, Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti Ishak Gersog, Marokkonyň Patyşasy Mohammed VI gutlag hatlaryny ýolladylar.

Olar hatlarynda ruhy gymmatlyklaryň we döwletara hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtamak bilen, türkmen halkyna abadançylyk, parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň Ýörite wekili Akihisa Nagaşima hem Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk hatyny ýollapdyr. A.Nagaşima Türkmenistana saparynyň dowamynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny belledi.

2022