“Türkmenistan” awikompaniýasy Delä goşmaça ýolagçy uçar gatnawlary girizýär

BT
“Türkmenistan” awikompaniýasy Delä goşmaça ýolagçy uçar gatnawlary girizýär
“Türkmenistan” awiakompaniýasynyň ýolagçy uçary (Surat: TDH)

“Türkmenistan” awiakompaniýasy Aşgabat-Deli-Aşgabat ugry boýunça goşmaça ýolagçy uçar gatnawlarynyň girizilýändigini mälim etdi. Goşmaça uçuşlar 15 – 29-njy mart aralygynda şenbe günleri ýerine ýetiriler diýip, awiakompaniýanyň metbugat gullugy anna güni habar berdi.

Häzirki wagtda awiakompaniýa Türkmenistanyň we Hindistanyň paýtagt şäherleriniň arasynda hepdede iki – çarşenbe we penşenbe günleri uçuşlary amala aşyrýar. Bu ugra goşmaça uçuşlaryň girizilmegi onuň ýygylygyny hepdede üç gezege çenli artdyrar.

Petekleri öňünden satyn almak işi awiakompaniýanyň turkmenistanairlines.tm resmi web-saýty arkaly eleýeterlidir.

Ozal habar berlişi ýaly, “Türkmenistan” awikompaniýasy doglan güni uçuş gününe gabat gelýän ýolagçylar üçin peteklerde arzanladyş yglan etdi.

Täzelikleriňizi ýollaň
Ugratmak
2022