TDHÇMB

Türkmen telekeçileri Özbegistanda geçiriljek iri energetika sergilerine çagyrylýar

BT
Türkmen telekeçileri Özbegistanda geçiriljek iri energetika sergilerine çagyrylýar
“Özbegistanyň nebiti we gazy – OGU 2023” halkara sergisi, 2023-nji ýylyň 18 – 20-nji maýy, Daşkent, Özbegistan (Surat: OGU)

Türkmen telekeçileri 13 – 15-nji maýda Daşkent şäherinde geçiriljek “Özbegistanyň nebiti we gazy” hem-de “Energetika, energiýa tygşytlamak, atom energetikasy, energiýanyň goşmaça çeşmeleri – Power Uzbekistan 2025” halkara sergilerine gatnaşmaga çagyrylýar. Bu barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy habar berýär.

“Özbegistanyň nebiti we gazy” – OGU nebitgaz pudagynda iş alyp barýan kompaniýalar üçin her ýylda geçirilýän iri çäredir. Serginiň çäklerinde innowasion tehnologiýalar görkeziler, ýaş alymlaryň işleriniň tanyşdyrylyş çäreleri geçiriler hem-de hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklar we ähtnamalar baglaşylar.

“Power Uzbekistan” dünýäniň ähli ýerinden gatnaşyjylary birleşdirjek sebitiň energetika pudagynyň möhüm wakasydyr. Sergide energiýa tygşytlamak, goşmaça we atom energetikasy, elektroenergetika enjamlary we ýylylyk energetikasy ulgamyndaky çözgütler bilen tanyşdyrylar. Işewürlik maksatnamasynyň çäklerinde öňdebaryjy tehnologiýalary tanyşdyryş çäreleri hem-de iri buýrujy kompaniýalaryň wekilleri bilen özara duşuşyklar geçiriler.

Özbegistanyň Energetika ministrligi we “UzAtom” agentligi “Power Uzbekistan 2025” sergisiniň guramaçylary bolup çykyş edýär.

Mart 15, 2025