TDHÇMB

Türkmenistanyň Prezidenti Koçani şäherindäki ýangyn zerarly Demirgazyk Makedoniýa gynanç bildirdi

BT
Türkmenistanyň Prezidenti Koçani şäherindäki ýangyn zerarly Demirgazyk Makedoniýa gynanç bildirdi
Aşgabat, Türkmenistan (Surat: TDH)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Demirgazyk Makedoniýanyň Prezidenti Gordana Silýanowskaýa-Dawkowa ýurduň Koçani şäherinde bolup geçen ýangynyň adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Türkmenistanyň döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.

Ýekşenbe güni bolup geçen ýangyn 59 adamyň heläk bolmagyna, 150 adamyň bolsa ýaralanmagyna getirdi.

Demirgazyk Makedoniýada 7 günlik milli matam yglan edildi diýip, “Euronews” habarlar gullugy habar berýär.

Mart 20, 2025