TDHÇMB

Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew öňde boljak halkara sammitleri maslahatlaşdylar

BT
Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew öňde boljak halkara sammitleri maslahatlaşdylar
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow (Surat: TDH)

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Onuň barşynda öňde boljak halkara ähmiýetli sammitler ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty çarşenbe güni habar berdi.

Söhebtdeşligiň başynda Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew ýakynlaşyp gelýän Nowruz baýramy mynasybetli birek-biregi mähirli gutladylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri türkmen-özbek gatnaşyklaryny berkitmäge goşan goşandy üçin Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, Özbegistanda “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi” hem-de “Merkezi Aziýa — Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi” sammitleriniň, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynyň geçirilmegini Türkmenistanyň doly goldaýandygyny belledi.

Taraplar şeýle hem 29-njy martda Arkadag şäherinde geçiriljek “Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: çagalaryň bähbidine halkara işini ösdürmek” atly halkara maslahatyny hem ara alyp maslahatlaşdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri çagalaryň saglygy goramak, inklýuziw bilim we durmuş goldawy bilen bagly meseleleriň ähmiýetini belläp, bu babatdaky işlere özbek tarapynyň işjeň gatnaşýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Şawkat Mirziýoýew halkara işlerinde Türkmenistanyň eýeleýän ornuna ýokary baha berip, bilelikdäki tagallalaryň Merkezi Aziýanyň durnukly ösüşine ýardam edýändigini belledi. Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar birek-birege berk jan saglyk, üstünlikler, ýurtlaryň halklaryna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.

Mart 23, 2025