TDHÇMB

Türkmenistan we ÝB bilelikdäki başlangyçlary maslahatlaşdylar

BT
Türkmenistan we ÝB bilelikdäki başlangyçlary maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow (sagda) we Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Eduard Stipraýs (çepde), 2025-nji ýylyň 20-nji marty, Brýussel, Belgiýa (Surat: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi Sapar Palwanow Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Eduard Stipraýs bilen duşuşdy. Gepleşiklere gatnaşyjylar bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň meselelerine garadylar.

Duşuşykda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegine hem-de sebitara hyzmatdaşlygyň çäklerinde meýilleşdirilýän çärelere taýýarlyk görlüşine hem seredildi diýip Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy penşenbe güni habar berdi.

Söhbetdeşler Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryna hem-de ÝB-niň Merkezi Aziýa döwletleri bilen hyzmatdaşlyk strategiýalaryna uly üns berdiler.

S.Palwanow bilen E.Stipraýs hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny berkitmäge we sebitiň durnukly ösüşini goldamaga gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Mart 23, 2025