TDHÇMB

Tramp: ABŞ wekiliýeti Aşgabatda geçiriljek BMG-niň maslahatyna gatnaşar

BT
Tramp: ABŞ wekiliýeti Aşgabatda geçiriljek BMG-niň maslahatyna gatnaşar
ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp (Surat: ABŞ-nyň Prezidentiniň edarasynyň metbugat gullugy)

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampdan gutlag haty gelip gowuşdy. ABŞ-nyň döwlet Baştutany özüniň hatynda BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetini ibermäge taýýardygyny mälim etdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.

Donald Tramp parahatçylyga we hemmeler üçin täzelenişe beslenen Nowruz baýramy bilen türkmen halkyny gutlady.

Donald Tramp şeýle hem Türkmenistanda durmuşa geçirilýän özgertmeleri goldaýandygyny mälim edip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde tagallalaryň durmuşa geçiriljekdigini tassyklady.

ABŞ-nyň Prezidenti şeýle hem Birleşen Ştatlarynyň hemişe Türkmenistanyň özygtyýarlylygynyň, Garaşsyzlygynyň, çäk bitewüliginiň berk tarapdary bolmagynda galýandygy nygtap, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Mart 26, 2025