TDHÇMB

Ýerewanda Türkmenistanyň Söwda öýüni açmak mümkinçilikleri maslahatlaşyldy

BT
Ýerewanda Türkmenistanyň Söwda öýüni açmak mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçisi Muhammetgeldi Aýazow bilen Ermenistanyň SSP-niň wise-prezidenti Karen Iwanow, 2025-nji ýylyň 21-nji marty, Ýerewan, Ermenistan (Surat: Türkmenistanyň Ermenistandaky ilçihanasy)

Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetgeldi Aýazow anna güni Ýerewan şäherinde Ermenistan Respublikasynyň Söwda-senagat palatasynyň wise-prezidenti Karen Iwanow bilen duşuşyk geçirdi. Ermenistanyň çäginde Türkmenistanyň Söwda öýüni açmak mümkinçilikleri bilen bagly meseleler diplomatik gepleşikleriň esasy üns merkezinde boldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar iki dostlukly döwletiň söwda-ykdysady kuwwatlyklaryny artdyrmagyň ýollaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar hem-de ikitaraplaýyn söwda dolanyşygyny ýokarlandyrmagyň strategiýalaryny kesgitlediler. Bu barada Türkmenistanyň ilçihanasy habar berýär.

Diplomatlar şeýle hem ulag-logistika düzümlerini ösdürmegiň we ýurtlaryň arasynda logistika arabaglanyşygy pugtalandyrmagyň ugurlaryna hem garadylar. Munuň özi sebitde ykdysady hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilmeginde möhüm şert bolup durýar.

Türkmenistanda şeýle hem ýakyn wagtda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ermeni hökümetara toparynyň 10-njy mejlisi geçiriler.

Mart 26, 2025