TDHÇMB

“Owadan Ülke” “Nur” haryt nyşanly raps ýagynyň önümçiligini ýola goýdy

“Owadan Ülke” “Nur” haryt nyşanly raps ýagynyň önümçiligini ýola goýdy
“Nur” haryt nyşanly raps ýagy, 2025-nji ýylyň 17 – 19-njy marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat:BT)

“Owadan Ülke” hojalyk jemgyýeti “Nur” haryt nyşany bilen Türkmenistanda ilkinji bolup raps ýagynyň önümçiligini özleşdirdi. Bu barada kärhananyň wekili Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 17 ýyllygy mynasybetli 17 – 19-njy martda Aşgabatda geçirilen serginiň çäklerinde “Biznes Türkmenistan” internet neşirine habar berdi. 

Kärhana türkmen ekerançylaryndan raps hasylyny satyn alyp, ony häzirki zaman tehnologiýalary arkaly arassalap, saýlap, yslardan saplap gaýtadan işleýär. Munuň netijesinde, sarp edijilere hiç-hili goşundysyz, arassa ýokary derejeli ýag ýetirilýär. 

“Nur” haryt nyşanly raps ýagy, 2025-nji ýylyň 17 – 19-njy marty, Aşgabat, Türkmenistan (Surat:BT)

Zerur bolan “Omega-3”, “Omega-6” maddalara we ýag kislotalara baý raps ýagy E witamininiň uly mukdaryny, beden öýjüklerini zeper ýetmelerden goraýan tebigy antioksidantlary özünde saklaýar. Bu önümiň yzygiderli sarp edilmegi ýürek-damar ulgamynyň berkidilmegine, ganda holesteriniň kadaly möçberini üpjün etmäge ýardam etmek bilen, deriniň kadaly ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýär. 

2016-njy ýylda döredilen “Owadan Ülke” kärhanasy “Nur”, “Mylaýym”, “Hazyna” we “Esmo” haryt nyşany bilen önümleri öndürýär. Kompaniýanyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän kärhanasy her gün 20 tonna çenli maýonez, her iş çalşykda bolsa 80 tonna çenli möwsümleýin gaplama önümleri öndürmäge ukyplydyr. 

Mart 26, 2025