TDHÇMB

Türkmenistan Pekinde geçiriljek halkara ykdysady sergä çagyryldy

BT
Türkmenistan Pekinde geçiriljek halkara ykdysady sergä çagyryldy
Hytaýyň üpjünçilik zynjyrlary boýunça halkara sergisi (CISCE), 2023-nji ýylyň 28-nji noýabry, Pekin, Hytaý (TDH)

Hytaýyň Halkara söwdanyň ösüşine ýardam bermek boýunça komitetiniň başlygynyň orunbasary, Hytaýyň Halkara söwda palatasynyň başlygynyň orunbasary Ýuý Szýanlun türkmen tarapyny şu ýylyň iýul aýynda Pekin şäherinde geçiriljek halkara ykdysady sergä gatnaşmaga çagyrdy. Çakylyk 18-nji martda geçirilen “Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar” atly forumyň çäklerinde beýan edildi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty sişenbe güni habar berdi. 

Ýuý Szýanlun Türkmenistanyň we Hytaýyň arasynda birek-biregiň üstüni ýetirýän ykdysady gatnaşyklary giňeltmegiň möhümdigini belledi. Ol hyzmatdaşlyk üçin esasy ugurlar hökmünde söwda we oba hojalyk ulgamlaryny görkezdi. 

Ýuý Szýanlunyň bellemegine görä, Hytaý ykdysady ösüş üçin täze mümkinçilikleri teklip etmek bilen, nebitgaz pudagynda, serhetüsti elektron söwda we elektroenergetika ulgamlarynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de maýa goýum işini has-da giňeltmäge taýýardyr. Şeýle hem ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirildi. 

2024-nji ýylda Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky söwda dolanyşyk 10,6 milliard dollara ýetirildi. Şunda turbageçiriji arkaly iberilýän tebigy gaz Türkmenistanyň eksportynyň agramly bölegini emele getirdi. 

Mart 26, 2025