“Erkin Agro” hojalyk jemgyýeti maldarçylyk fermasyny we mallaryň süýdüni gaýtadan işleýän kärhana gurmagy meýilleşdirýär. Bu barada hojalyk jemgyýetiň baş direktorynyň orunbasary Begenç Çaryýew Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň 17 ýyllygyna bagyşlanan sergide mälim etdi diýip, Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Kompaniýa işewürlik meýilnamasyny taýýarlamak bilen, süýt berijiligi ýokary mallary satyn almak boýunça iş alyp barýar. B.Çaryýewiň bellemegine görä, ýakyn wagtda ol Germaniýadaky, Wengriýadaky we Niderlandlardaky hyzmatdaşlar bilen gepleşikleri geçirmek üçin Ýewropa gider.
Düzüminde iri şahly mallaryň 300 – 400 sanysy bolan birinji tapgyr mallary ýaz aýlarynyň soňuna, ikinji tapgyryny bolsa Güýze çenli getirmek göz öňünde tutulýar. Umuman alanyňda, kärhana süýt önümlerini öndürmek üçin 2 000 töweregi sygry daşary döwletlerden getirmegi meýilleşdirýär.
“Erkin Agro” organiki ekerançylyk usullaryny ornaşdyrmak, himiki dökünleri we pestisidleri iň az derejede ulanmak bilen ekologiýa durnuklylygyna aýratyn üns berýär.