Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Hameli bilen ulag ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşmak maksady bilen duşuşyk geçirdi.
BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasynyň sişenbe güni habar bermegine görä, gepleşikleriň barşynda ulag, logistika we aragatnaşyk tehnologiýalary ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça jikme-jik pikir alşyldy.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligi ulag, aragatnaşyk, kosmos, kiberhowpsuzlyk we sanly ykdysady ösüş babatda döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilmegini üpjün edýän döwlet edarasy hökmünde degişli ugurlarda döwlet dolandyryşy we gözegçiligini amala aşyrýar.
Mundan öň, Türkmenistan bilen BAE tebigy gaz, eletroenergetika, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri we ulag-logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.