Ýewropa Parlamentinde halkara parahatçylygy berkitmekde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň eýeleýän orny maslahatlaşyldy

BT
Ýewropa Parlamentinde halkara parahatçylygy berkitmekde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň eýeleýän orny maslahatlaşyldy
Halkara parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda Bitaraplygyň eýeleýän ähmiýetli ornuna bagyşlanan ýörite mejlis, 2025-nji ýylyň 27-nji marty, Brýussel, Belgiýa (Surat: Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy)

Ýewropa Parlamentinde penşenbe güni halkara parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmakda Bitaraplygyň eýeleýän ähmiýetli ornuna bagyşlanan ýörite mejlis geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçihanasy habar berýär.

Çärä Türkmenistanyň ilçisi, Mejlisiniň wekilleri, Slowakiýanyň Prezidentiniň geňeşçisi, Ýewropa Parlamentiniň deputatlary, diplomatlar, halkara guramalaryň wekilleri, seljeriş merkezleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ýurduň Konstitusiýasynda berkidilen hem-de BMG tarapyndan möhüm ähmiýetli daşary syýasy gural hökmünde ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy maslahatlaşmalaryň esasy özenini emele getirdi. Şu ýylyň mart aýynda BMG-niň kabul eden “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda” Kararnamasynyň ähmiýetine çärä gatnaşyjylar aýratyn üns berdiler.

Pikir alyşmalaryň dowamynda oňa gatnaşyjylar dialogy ilerletmekde we dünýädäki häzirki gapma-garşylyklaryň öňüni almakda bitarap meýdançalaryň uly ähmiýete eýe bolýandygyny bellediler.

2025-nji ýylyň 21-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji mejlisinde “Parahatçylygy gurmak we parahatçylygy goramak” gün tertibiniň degişli bendi bilen “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly Kararnama biragyzdan kabul edildi.

2022